Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabatda 3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramaklygyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurtda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy giňden beýan edýän halkara sport baýramydygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere ýurtda bu sene mynasybetli bedenterbiýe-sport çärelerini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

















