21.09.2022
24.09.2022

IRAN PLAST 2022

2022-nji ýylyň 21-24-nji sentýabry aralygynda Eýranyň paýtagty Tähran şäheriniň Halkara sergiler merkezinde plastmassa we polimer senagatynyň 16-njy halkara sergisi – “IRAN PLAST 2022” geçiriler.

Sergide plastmassa senagatynyň öňdebaryjy enjamlary, sarp ediş materiallary, önümçilik täzelikleri, şol sanda plastmassa önümçiliginde ulanylýan täze usullar we tehnologiýalar bilen tanyşdyrylar. Sergi oňa gatnaşyjylara önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge, işewür gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de göni şertnamalar baglaşmaga mümkinçilik döreder.

Eýran, Tähran
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022