Mary halkara howa menzili süzgüç elementlerini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Mary halkara howa menzili uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderligini üpjün etmek maksady bilen TS-1 awia ýangyjynyň düzümindäki göze görünmeýän suw bölejiklerini süzmek üçin süzgüç elementlerini satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
1. Süzgüç (filter) elementleri:
- FAUDI P.3-842/3001388 — 4 (dört) sany;
- FAUDI MF5.3-559/8804619 — 7 (ýedi) sany;
- FAUDI P.7-965 — 5 (bäş) sany;
Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:
- kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
- kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
- bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Degişli resminamalar Mary Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 (522) 6-31-20
+993 (62) 98-99-33