Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy
TDHÇMB
30.08.2022
03.10.2022
“Türkmengaz” DK gaz turbina hereketlendirijilerini düýpli abatlamak boýunça gaýtadan tender yglan edýär
“Türkmengaz” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan “DO49P” kysymly iki sany gaz turbina hereketlendirijilerini düýpli abatlamak boýunça halkara tender yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg töläp, bäsleşik resminamalaryň bukjasyny almaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Tender teklipli bukjalar görkezilen salga eltmeli.
Bellik: tender resminamalarynyň doly bukjasy tender tölegi geçirilenden soň berilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 40-32-40
+993 12 40-32-50
Faks:
+993 12 40-32-59
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň