01.09.2022
23.09.2022

"Türkmenhimiýa" DK ammarlar toplumyny gurmak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde benzini, suwuklandyrylan gazy, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny saklamak üçin ammarlar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak üçin potratçyny seçip almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 39-01-64

(+99312) 39-01-73

Elektron salgylary:

info.turkmenhimiya@online.tm

th.gurlushyk@online.tm

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022