13.09.2022
17.09.2022

Automechanika Frankfurt 2022

Geçirilýän senesi: 13.09.2022 - 17.09.2022 ý.

Geçirilýän ýeri: Messe Frankfurt (Frankfurt, Germaniýa)

Guramaçy: Messe Frankfurt GmbH

“Automechanika Frankfurt 2022” –bu awtoulag senagatynyň iri halkara sergisi bolup, awtoulaglaryň tehniki hyzmaty boýunça hem-de ulag önümçiliginde ulanylýan önümleri hödürleýär: awtoulag şaýlary, awto ýuwulgalar, ussahanalar we enjamlar, IT önümleri we hyzmatlary, aksesuarlar.

“Automechanika” sergisinde awtoulaglary bejermek, gaýtadan işlemek we galyndylary utilizirlemek boýunça önümçilik zynjyry bilen içgin tanyşdyrylar.

  • Serginiň tematiki bölümleri:
  • Aksesuarlar
  • Alternatiw sürüjilik ulgamlary we sanly çözgütler (Tomorrow’s Service & Mobility)
  • Hyzmat stansiýalary üçin awto ýuwalgalar we enjamlar
  • Dolandyryş we maglumat tehnologiýalary
  • Elektronika
  • Awtoşaýlar we awtokomponentler
  • Bejeriş we tehniki hyzmat

“Automechanika” brendi halkara derejesinde meşhurlygy gazanyp, häzirki wagtda bu brend astynda 16 ýurtda halkara sergiler geçirilýär.

Web-sahypasy: www.automechanika.messefrankfurt.com

Frankfurt, Germaniýa
Bulary hem okaň
2022