08.09.2022
21.10.2022

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýaşaýyş jaýy gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022