08.09.2022
21.10.2022

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi orta mekdep gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumy­bilim berýän orta mekdebiň binasynyň (binalar toplumynyň) taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022