20.09.2022
21.09.2022

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde 20-21-nji sentýabr aralygynda Garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler.

Sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan durmuş we ykdysady üstünlikleri görkeziler. Şeýle hem, ýurduň işewür gatnaşyklaryny we içerki önümlerini mahabatlandyrmak üçin platforma hödürlenip, myhmanlara ýurtda bolup geçýän özgerişler bilen tanyşmaga mümkinçilikler dörediler.

Iki gün dowam etjek sergä ykdysadyýetiň jemgyýetçilik pudagynyň, sport we syýahatçylyk guramalarynyň we ýerli hususy kärhanalarynyň wekilleri gatnaşar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk dabarasyny bellemek maksatnamasynyň çäklerinde köp sanly maslahatlar, tegelek stollar, aýdym-saz dabaralary geçirilip, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň sylaglanmagy we önümçilik desgalarynyň açylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistan, Aşgabat ş.
Bulary hem okaň
2022