23.10.2024
25.10.2024

OGT 2024

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabryndan 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT-2024) geçiriler. Çäräniň guramaçylary bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy çykyş edýärler.

Konferensiýa bilen bir wagtda geçiriljek OGT Expo sergisinde täze ideýalar we funksiýalar bilen üsti ýetirilen içerki we global nebit-gaz pudagynyň iň soňky gazananlary bilen tanyşdyrylar.

Konferensiýa adaty we onlaýn görnüşinde Zoom platformasy arkaly geçiriler. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklar şahsy we onlaýn görnüşde bolar.

Çärä Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary we döwlet guramalaryň wekilleri, öňdebaryjy halkara nebit-gaz kompaniýalary, şeýle hem iri halkara maliýe guramalary gatnaşar.

Web sahypasy: expo.ogt-turkmenistan.com

Aşgabat, Türkmenistan
Bulary hem okaň
2022