11.10.2022
22.11.2022

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi suw göteriji bekedini gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 2,13 kub metr bolan “Ýaşyl depe” suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suw­geçirijilerini gurmak, gerek bolan suw göterijileri we elektrik hereketlendirijileri gurnamak hem-de elektrik bekediniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 22-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022