Gazagystan Respublikasy türkmen gök önümleriniň içerki bazara iberilmegini çaltlandyrmagy meýilleşdirýär. Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – milli ykdysadyýet ministri Serik Žumangarin serhet geçiriş nokatlarynda iň gysga möhletde “ýaşyl geçelgeleri” döretmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Bu çözgüt sebitleri elýeterli bahadan pomidorlar we hyýarlar bilen durnukly hem-de tiz üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.
Şu ýyl türkmen pomidorlarynyň importy 30 müň tonnadan geçip, olar türkmen haryt söwda dolanşygynda ähmiýeti boýunça ikinji orny eýeledi.
Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky oba-hojalyk önümleriniň söwdasy 103 million ABŞ dollaryna ýetdi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,5% ýokarlandy.


















