10.01.2023
19.01.2023

Çuansin Buraw Inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýanyndaky jogapkärçiligi çäkli Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy САТ 3512А, САТ 3512В, С18 kysymly senagat dizel hereketlendirijileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar:

  1. Resminamalary tabşyrýan adamyň ynanç haty we şahsyýetnamasy.
  2. Kompaniýanyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini, hukuk salgysyny, esaslandyryjy we ygtyýar hatlarynyň, beýleki resminamalaryň nusgalaryny görkezmek bilen tendere gatnaşyjy barada gysgaça maglumat bermeli;
  3. Gatnaşyjynyň bu ugurda iş tejribesi barada maglumat, hyzmatdaşlaryndan häsiýetnamalary, önümleri eltmegiň möhleti we şertleri, önümleri daşamagyň ugry, ulag görnüşi, gaplama görnüşi, karz ukyplylygy barada maglumat bermeli;
  4. Gatnaşyjy üpjün edilýän önümleriň hilini tassyklamak üçin “Caterpillar” kompaniýasyndan ýa-da “Caterpillar” kompaniýasynyň ygtyýarly satuw agentinden üpjün edilýän dizel hereketlendirijileriň ätiýaçlyk şaýlary asyl nusgasydygyny tassyklaýan ynanç hatyny bermelidir.

Bäsleşik resminamlary şu bildirişiň çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda sagat 18.00 çenli aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Ataýew Maksat

Telefon belgisi: 445200 (9533), +99365-81-91-71

Elektron salgysy: tkmscbzqgk@cnpc.com.cn

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, B blok, 405-nji otag
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022