“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär:
Lot №1 – Duýduryş (signalizasiýa)-merkezleşdirilen blokirleme ulgamyny, şeýle hem telemehanikany ýola goýmak üçin enjamlar
Lot №2 – 3VR-1500 kysymly uglerod polat simi
Lot №3 - Bereket-Akýaýla we Bereket-Serhetýaka demir ýollaryndaky duýduryş ulgamyna tehniki hyzmat bermek
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
- bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
- Lot üçin 575 amerikan dollary möçberde (şol sanda 75 amerikan dollary - GBS) tölegi tölemeli.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.
Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 otagda (1-nji gat) kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 38-31-04
+993 12 38-32-31
Faks:
+993 12 38-31-03