16.01.2023
29.01.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy umumy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň 1-nji şäherçesinde 3 sany umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny dowam etmek boýunça №CIT-22097-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022