“Demirýollary” AGPJ işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmek boýunça tender yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmek üçin potratçy seçip almak boýunça №DÝ/AGPJ-028 belgili açyk halkara tender yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
- bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
- tendere gatnaşmak üçin 2012 manat 50 teňňe (şol sanda 262 manat 50 teňňe - GBS) tölegi tölemeli.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.
Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 otagda (1-nji gat) kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 38-31-04
+993 12 38-31-03
Faks:
+993 12 38-31-03