01.03.2023
14.03.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz turbinanyň esasy ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy GE10 gaz turbinanyň esasy ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamak üçin zawoda tabşyrmak boýunça №CIT-23010-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tenderiň belgisini we adyny görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli
  • Soňky üç ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Bu tendere gatnaşan halatynda gatnaşyjynyň beren teklibiniň kepilligini bermäge taýynlygy barada kompaniýa tarapyndan resmi haty;
  • Gatnaşyjynyň soňky üç ýylda GE10 gaz turbinalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamakda iş tejribesi barada maglumat;
  • Baker Hughes kompaniýasynyň GE10 kysymly gaz turbinasynyň ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamak üçin ygtyýarnama haty;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022