Lebap welaýatynyň maldarlary dowarlaryň güýz gyrkymyny tamamlap, olardan 341 tonna 860 kilogram ýüň aldylar. Bu barada “Türkmenistran” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berildi.
Güýz gyrkymy maldarçylyk hojalyklarynyň merkezi guýularynda geçirilip, oňa 200-e golaý tejribeli çopan gatnaşdy. Bu işe her ýyl ýaşlaryň hem onlarçasy goşulýar we hünärmenler olaryň gyrkym enjamlaryny dogry ulanmagyna gözegçilik edýärler.
Gyrkym işinde “Jeýhun” maldarçylyk birleşiginiň çopanlary hem gowy netijeleri gazandylar. Arslan Täşliýewiň we Weýis Nazarowyň ýolbaşçylyk edýän toparlary ýüň almak bilen bir hatarda, owlak-guzy öndürmekde hem netijeli iş alyp bardylar.
Lebap welaýat Maldarçylyk we guşçulyk önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Hanjar Ýarowyň bellemegine görä, güýz gyrkymyndan soň dowarlar özlerini has oňat duýýarlar. Bu bolsa oktýabr aýynda geçirilýän höwür möwsüminiň netijeleriniň gowy bolmagyna şert döredýär.
Türkmenistanda çopan-çoluklary höweslendirmek üçin hem degişli mümkinçilikler döredilýär. Olar owlak-guzy möwsüminde alnan guzularyň ýarysyny zähmet haky görnüşinde, güýz gyrkymynda öndürilen ýüňüň bolsa ählisini alýarlar. Şeýle hem çopanlara öz mallaryny degişli sürüler bilen bilelikde örüde tölegsiz bakmaga mümkinçilik berilýär.

















