24.03.2023
05.04.2023

Daşoguz welaýat häkimligi suw ýygnaýjy desgalaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda” Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň Garamazy obasynda, Sazanda geňeşliginiň Azatlyk we Bagşyly obalarynda, Görogly etrabynyň Türkmenýoly geňeşliginiň Akderek obasynda, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň Dawalyköl, Seňňer we Gölýer obalarynda, Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl Abadanlyk geňeşliginiň Gökleň, Homaý we Maýda obalarynda, Bereketli geňeşliginiň Badalar obasynda we Amyderýa geňeşliginde guruljak suw ýygnaýjy desgalaryň gurluşyk işleri üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşykabatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 5-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 322-9-03-02

Faks:

+993 322 9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022