27.04.2023
10.05.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz geçiriji agregatlary düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy №3, №4, №5 gaz geciriji agregatlaryny sökmek, olary SOLAR kysymly gaz turbinalary öndüriji zawodyna eltmek we düýpli abatlamak, gaz gysyjy bekediniň (ДКС) kompressorynyň gury gaz dykyzlaýjysyny çalyşmak boýunça №CIT-23033-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesini tabşyrmaly
  • Soňky üç ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Bu tender üçin teklip edilýän enjamlaryň ýerleşýän ýeri we häzirki ýagdaýy;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
  • “Solar turbine” kompaniýasyndan bu taslamany ýerine ýetirmek üçin tassyklanan ygtyýarnamasy;
  • Potratçynyň mehaniki enjamlary boýunça iki hünärmeni, tehniki howpsuzlyk boýunça bir hünärmeni, fwtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş boýunça 2 hünärmeni bolmaly;
  • Potratçyda gaz geçiriji agregatlary sökmek we gurnamak üçin gerekli guralllaryň toplumy bolmaly;
  • Potratçyda azyndan 5 tonna agramly ýükleri göterip bilýän ýük göteriji bolmaly we ony dolandyryjy ökde hünärmenleri bolmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022