08.07.2024
14.07.2024

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy reduktorlary düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy «Flender PF100D» kysymly reduktorlary (üç sany) fransuz ussahanasynda düýpli abatlamak boýunça № CIT- 24034-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • Soňky 3 ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat we soňky 3 ýylyň sertifikatlaşdyrylan maliýe hasabatlary;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnandygy  barada şahadatnamanyň göçürmesi;

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022