02.07.2024
02.08.2024

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi sanly ulgam boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ulgamy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer we maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak hem-de sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma tölegsiz tertipde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

39-48-49, 39-48-93.

Websaýt: mlsp.gov.tm

Email: mlsp@mlsp.gov.tm 

Ministrligiň hukuk salgysy: ş.Aşgabat Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.

 

 

 

Bulary hem okaň
2022
ENG TM РУС