27.04.2023
13.05.2023

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimligi 9 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin bäsleşik yglan edýär:

  • Balkanabat şäheriniň S. Orazow köçesiniň ugrunda 2 sany 4 gatly, 40 öýli we 2 sany 4 gatly, 48 öýli;
  • Balkanabat şäheriniň 216-njy ýaşaýyş jaý toplumynda 2 sany 4 gatly, 32 öýli we 3 sany 4 gatly, 40 öýli.

Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, jemagat hojalyk işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp bilersiňiz.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilen gününden soňra, 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjalarda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 6-00-61

+993 (222) 6-00-57

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş
Bulary hem okaň
2022