30.05.2023
22.06.2023

“Türkmengeologiýa” DK guýuda buraw işlerini dowam etdirmek boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Akpatlawuk ýatagyndaky No.1 gözleg guýusynda buraw işlerini dowam etdirmek, geologiki kesimini öwrenmek, guýyny berkitmek we özleşdirmek üçin onuň barlagyny geçirmek boýunça №03/23 belgili halkara tenderiň möhletini uzaldýar (tender bölünmeýän)

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengeologiýa” DK edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşigiň esasy şertleri we bäsleşik boýunça geologo-tehniki ýumuş bilen tanyşmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1500 (bir müň bäş ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-iň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 22-nji iýunyna ýerli wagt bilen 12.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 40-34-52

+993 12 40-34-54

+993 12 40-34-79

+993 12 40-34-66

Faks:

+993 12 40-34-53

Elektron salgysy:

turkmengeology@online.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022