14.06.2023
18.07.2023

Türkmenistanyň Merkezi banky tender yglan edýär

Türkmenistanyň Merkezi banky, banka bölünip berlen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän 200 gektar ýer böleginiň 100 gektarynda aşakda görkezilen işleri ýerine ýetirmek üçin açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär:

  • zerurlyga görä ýerasty dik guýularyny bellenen tertipde burawlamak we gerekli enjamlar bilen enjamlaşdyrmak;
  • suw üçin rezerwuarlary we suwaryş ulgamyny gurnamak hemde zerur bolan gurluşyk harytlaryny, enjamlary satyn almak;
  • miweli bag we üzüm nahallaryny satyn almak hem-de oturtmak;
  • elektrik energiýasy bilen üpjün etmek, gerek bolan enjamlary, harytlary satyn almak, gurnamak we ulanyşa taýýar etmek;
  • daş-töweregine demirden haýat (tor) aýlamak we zerur bolan harytlary satyn almak;
  • işlejek işgärleriň dynç almaklary üçin jaýlary we kömekçi jaýlaryny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak hem-de ulanyşa doly taýýar etmek.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplaryň teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 38-10-27

+993 12 38-15-25

+993 12 38-14-27

Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy jaýy
Bulary hem okaň
2022