21.06.2023
04.08.2023

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi täze goşmaça okuw binalaryny gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze goşmaça okuw binalaryny we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlaryny hem-de institutyň golaýyndan geçýän aýlawly ýolda oturdyljak monumenti gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-46-64

+993 12 44-46-77

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022