20.07.2023
05.08.2023

“Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary” HJ materiallary we enjamlary satyn almak boýunca bäsleşik yglan edýär

“Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti ulag meýdançalary üçin materiallary, enjamlary we beýleki serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň işewürligi hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 500 (bäş ýüz) manat möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik resminamalaryň doly bukjasy bäsleşik teklipleri bilen bir ýapyk möhürlenen bukjada kabul edilýär we pul serişdeleri "Ulag Ekspeditorçylyk Hyzmatlary" hojalyk jemgyýetiniň hasabyna geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşik teklibi tender resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanawa laýyklykda düzülmelidir hem-de anketanyň elektron görnüşini, şertnamanyň esasy şertlerini ("Word" görnüşinde), tenderiň tehniki we ykdysady spesifikasiýany ("Excel" görnüşinde) tender bukjasyna hökman goşmalydyr.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler aşakda görkezilen salgy boýunça 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00 çenli kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender@ulagexh.com

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 39-02-88

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 126
Bulary hem okaň
2022