07.09.2023
17.09.2023

Mary welaýatynyň häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça tender yglan edýär

Mary welaýatynyň häkimligi Baýramaly şäherinde göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaý toplumynyň 2-nji tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda” 13792-nji Kararyna laýyklykda, uzak möhletli bank karz serişdeleriniň hasabyna gurulmagy meýilleşdirilýän 24 sany 4 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 17-nji sentýabryna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär:

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (522) 6-06-21

+993 (522) 6-00-34

Faks:

+993 (522) 6-77-13

Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022