09.10.2023
11.11.2023

"Türkmenhimiýa" DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan, Türkmenabatdaky S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawody üçin aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

Lot №1 – Turbalar, metallar we metal önümler

Lot №2 – Umumy we tehnologiki enjamlar

Lot №3 – Elektrotehniki önümler, ölçeg enjamlary

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän önümleriň bahalary bilen täjirçilik teklibi bolmaly. Bäsleşik teklipli bukjada ähli resminamalaryň skanirlenen görnüşi “PDF” formatynda we “Excel” formatynda spesifikasiýa görkezilmelidir.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+99312 39-01-17

+99312 39-02-25

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022