03.01.2024
16.01.2024

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çägindäki ГПЗ-1 we ГПЗ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawodlaryndaky durnukly kondensat rezerwuarlaryny arassalamak we barlamak boýunça №CIT-23114-SR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • Soňky üç ýylyň içinde kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat we soňky 3 ýylyň sertifikatlaşdyrylan maliýe hasabatlary;
  • Tebigy gazy arassalamak üçin niýetlenen enjamlary ýa-da gurluşlary düýpli abatlamak boýunça taslamalary ýerine ýetirmekde tejribesi.
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnandygy  barada şahadatnamanyň göçürmesi;

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022