24.04.2024
25.04.2024

TEIF 2024

Türkmenistanyň energetika ulgamy boýunça halkara forum 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriler. Çäräni gurnaýjylar bolup “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmen forum” hojalyk jemgyýeti we iňlis “GaffneyCline” kompaniýasy çykyş edýär.

Çäräniň maksady - Türkmenistanyň energitika pudagyna  göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek. Çäräniň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Foruma diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem tutuş sebitde nebit we gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara kompaniýalary, şeýle hem tejribeli hünärmenler we bilermenler gatnaşarlar.

Gurnaýjynyň web sahypasy: turkmen-forum.com

Pariž, Fransiýa
Bulary hem okaň
2022