07.02.2024
12.03.2024

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Mürçe” daýhan birleşiginiň çäginde 300 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony enjamlaşdyryp gurnamak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şerti bilen, açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Döwlet ösüş bankyndan iş gün leri sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 21-04-63

Faks:

+993 12 21-04-93

Elektron salgysy:

osushbank@tdob.gov.tm

Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýolunyň 143-nji jaýy.
Bulary hem okaň
2022