12.02.2024
25.02.2024

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy molekulýar eleklerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çägindäki ГПЗ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawody üçin molekulýar eleklerini satyn almak boýunça №CIT-23062-MR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri barada gysgaça maglumat bermeli, kompaniýanyň esaslandyryş resminamalarynynyň göçürmesini goşmaly hem-de Türkmenistanyň çäginde şahamçasynyň barlygyny we ýoklugyny görkezmeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýyl boýunça maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurdaky hyzmatlary bermekde iş tejribesi barada maglumat bermeli
  • Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022