04.04.2024
04.05.2024

Türkmenabat halkara howa menzili eskalatoryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen “Klemman Hellas S.A” hasaba alnan belgisi №лэ-063, zawod belgisi №17j02031/kl6001655-1 eskalatoryna gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

  • tutalganyň lentasy (лента поручня) — 6 (alty) sany;
  • antistatiki rolik (антистатическое роликовое устройство) — 12 (on iki) sany;
  • friksion tigir (фрикционное колесо) — 6 (alty) toplum;
  • hereket okaýjy datçik (считывающий датчик) — 3 (üç) toplum;
  • gönükdiriji rolik (направляющий ролик) — 24 (ýigrimi dört) sany;
  • ýardam beriji rolik (поддерживающий ролик) — 12 (on iki) sany;
  • eskalator üçin ýokarky basgançakdaky datçik — 2 (iki) sany;
  • tutalganyň şkifi (шкиф поручня) — 2 (iki) sany;
  • basgançaklar (ступеньки) — 7 (ýedi) sany.

Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;

Bildiriş berlen gününden açyk bäsleşige teklipler 1 (bir) aýyň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Elektron salgysy:

turkmenabat.airport.int.dep@gmail.com

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022