11.04.2024
15.05.2024

Oba hojalyk ministrligi däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasyny gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi barlaghana enjamlaryny, gurallaryny, abzallaryny satyn almak, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot No.1 – Ylmy- barlag ekerançylyk instituty üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak

Lot No.2 - Ylmy- barlag däneçilik instituty üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak

Lot No.3 - Ylmy- barlag pagtaçylyk instituty üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we serişdelerini satyn almak

Lot No.4 - Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
  • “Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi üçin himiki serişdeler bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny we lotlaryň spesifikasiýasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-77-47

+993 12 44-74-70

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022