08.05.2024
06.06.2024

Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky suw geçiriji turbalary abatlamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat — Gökdere awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän, Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli bolan tokaý zolagyndaky suw üçin buraw guýusyndan (skwažinadan) Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyna, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyna degişli tokaý zolaklaryna barýan suw geçiriji turbalaryň (magistral turbanyň) we enjamlaryň bejergi abatlaýyş işlerini ýerine ýetirjek potratçyny saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmagyň şerti: oňa gatnaşyjylar desganyň ýokarda agzalan işlerini ýerine ýetirmek üçin öz täjirçilik tekliplerini ýapyk bukjada degişli hat bilen “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň bäsleşik toparyna berýär.

Desganyň tehniki häsiýetnamalary we satyn almagyň şertleri bilen Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 129-njy jaýynda ýerleşýän bankyň Hojalyk işleri müdirliginde tanşyp bolar.

Arzalar bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-44-33

+993 12 44-43-35

Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 129-njy jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022