27.05.2024
07.06.2024

Daşoguz welaýat häkimligi ýylylyk gazanlaryny düýpli abatlamak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän gazanlary, ýylylyk, suw geçiriji we lagym ulgamlaryny düýpli abatlamak, welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň hasabyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýylylyk gazanlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary seçip saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 7-nji iýunyna, sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 322-9-03-02

Faks:

+993 322-9-03-14

Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi
Bulary hem okaň
2022