23.12.2024
02.01.2025
“Hazar” konsorsiumy ESP gurluşlaryny satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýar
TDHÇMB
25.10.2024
22.11.2024
Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektrik beketleriniň bug turbina böleklerini gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Energetika ministrligi gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek üçin Ahal, Daşoguz, Lebap we Derweze döwlet elektrik beketleriniň bug turbina böleklerini dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Bölünýän lot No.1 - Gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek üçin Ahal, Daşoguz, Lebap we Derweze döwlet elektrik beketleriniň bug turbina böleklerini dolulygyna gurmak
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- tendere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
- Türkmenistanyň Energetika ministrliginden lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplaryny almaly;
- 1500 ABŞ dollary möçberinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.
- ofşor zolaklarda bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär;
Basleşik teklipleri 2024-nji ýylyň 22-nji noýabryna sagat 16:00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 37-94-31
+993 12 37-94-33
Türkmenistan, Aşgabat ş. k. 2022, 55
Bulary hem okaň