“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy konteýner görnüşli mobil desgalary bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär
Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Russiýanyň pul birliginde (rublda) konteýner görnüşli mobil (göçme) desgalary bilen üpjün etmek boýunça №2024/47 belgili tender yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- tenderiň tehniki talaplaryny almaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Elektron salgysy:
tatneft.tender@mail.ru
Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin MTO inženerine şu telefon arkaly ýüz tutup bilersiňiz: +993-65-83-18-99 tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin: +993 62 60-07-11 – (КИПиА) Inžener– Ignatýew Georgiý Romanowiç
Elektron salgysy:
IgnatevGR@tatneft.tatar