02.12.2024
11.12.2024

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz gysyjy desgasy üçin ýag satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

СNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň “A” blogundaky Önümçilik bölüminiň gaz gysyjy desgasy üçin ýag satyn almak boýunça №CIT-24038-MR belgili bäsleşiginiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Kompaniýa barada umumy maglumat, şol sanda hasaba alyş maglumatlary (ygtyýarnama, guramanyň kody bilen sertifikatlar, salgyt hasaba alyş şahadatnamasy we ş.m.).
  • Kompaniýanyň soňky üç ýyl boýunça maliýe ýagdaýy, şol sanda auditor barlaglary barada maglumatlar.
  • Kmpaniýa tarapyndan deslapky saýlama tapgyryndan geçilenden we bäsleşige gatnaşyljak halatynda bank kepilligini bermäge taýarlygy barada resmi hat.
  • Kompaniýa tarapyndan öz işini togtatmajakdygyna, ygtyýarnamasynyň ýatyryljak däldigine (ýa-da yzyna alynmajagyna), bankrotlyk yglan etmejegine ýa-da girdejiden mahrum bolmajakdygyna kepil geçýän hat. Şeýle-de, şertnamaň ähli şertleriniň ýerine ýetirilmegine kepillik haty.
  • Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza bolandygyny tassyklaýan hasaba alyş şahadatnamasynyň göçürmesi.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993-12-44 50 44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022