14.12.2024
10.01.2025

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Tekstil toplumyny gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda Tekstil toplumynyň taslamasyny düzmek we ony dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça arza bermeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri we bäsleşige gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;
  • tehniki ýumşy we bäsleşik resminamalaryň bukjasyny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 300 (üç ýüz) ABŞ dollary + 15% GBüS möçberinde töleg tölemeli.

Bäsleşik teklipleri hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli kabul edilýär.

Bellik: ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 40-71-77

+993 12 40-71-57

+993 12 40-70-10

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň
2022