29.04.2025
01.05.2025

"Halkara söwda we hyzmatlar" atly sergi-ýarmarkasy

“Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy Türkmenistandan we daşary ýurtlardan öňdebaryjy önüm öndürijileri, eksport-import edijileri birleşdirýän uly ähmiýetli çäreleriň biri bolar.

Sergide elektron söwda, sanly logistika we önümçilik ugurlaryny awtomatlaşdyrmak pudaklarynda innowasion çözgütli hyzmatlary hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly önüm öndürijilerinden giň gerimli harytlary hödürlär. Şeýle hem, bu sergi işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmakda,  şertnamalary baglaşmak we hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly platforma bolar.

Serginiň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143.

Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyň 29-njy apreli-1-nji maýy; Sagat: 09:00 – 18:00.

Guramaçylyk topary: + (99312)398881, 398882, 398884, 398886, 446446.

Bulary hem okaň
2022