Turkmentextile Expo-2025
Sergi - dokma senagatynyň enjamlary, tebigy süýümleri gaýtadan işlenilmek, egin-eşik we aýakgap, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary we bölek enjamlary, himiki serişdeler we boýaglar, bezeg önümleri ýaly ugurlary, şeýle hem iň täze tehnologiýalary öz içine alar hem-de “know-how” hödürlär.
Halkara sergisi Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işewür meýdança öwrüler. Sergä gatnaşyjylar innowasion ugurlar bilen tanyşyp, işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de gelejekdäki mümkinçilikleri barada maslahatlaşyp bilerler.
Serginiň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143.
Geçirilýän senesi: 2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny; Sagat: 09:00 – 18:00.
Guramaçylyk topary: + (99312) 398881, 398882, 398884, 398886, 407121, 407167.