Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş
TDHÇMB
28.01.2025
10.02.2025
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ekipažly tirkeg çekiji ulagy bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär
Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy manatda we rublda ekipažly tirkeg çekiji ulagy bilen üpjün etmek boýunça №2025/02 belgili tender yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- tenderiň tehniki talaplaryny almaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Elektron salgysy:
tatneft.tender@mail.ru
Guramaçylyk soraglar boýunça +993 65 83 18 99
Tehniki soraglar boýunça +993 63 73 79 72
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň