"Hazar" hojalyk jemgyýeti myhmanhana üçin harytlary we enjamlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Hazar” hojalyk jemgyýeti myhmanhana zerur bolan LED at ýazgylaryny, daşky yşyklandyryş we bezeg çyralaryny täzelemek, myhmanhananyň gatlarynda ýere düşelen mermerleriň döwlen ýerlerini täzelemek we abatlaýyş işlerini geçirmek, UPS üçin zerur bolan akkumulýatorlary satyn almak üçin şu aşakda görkezilen lot boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Lot — Hojalyk jemgyýetine zerur bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Gyzyklandyrýan soraglar boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Hazar” hojalyk jemgyýetine hepdäniň dynç gününden daşgary beýleki günlerde sagat 09:00-dan 18:00-a çenli ýüz tutup bilersiňiz.
Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden soň, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+993243) 5-78-07
(+993243) 5-78-02
Elektron salgysy:
amanowasuray27@gmail.com