17.04.2025
16.05.2025

Türkmenabat halkara howa menzili enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili, menziliň radiotehniki we aragatnaşyk enjamlary ulanyş bazasynyň radionawigasiýa hem-de radiolokasiýa ulgamlary üçin zerur enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny, şeýle hem sputnik kanaly arkaly uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderligini üpjün edýän enjamlaryň sagadyny düzýän serwerleri satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Harytlary satyn almak boýunça:

Lot – 1: ýöriteleşdirilen radionawigasiýa we radiolokasiýa enjamlarynyň bloklary, platalary we enjamlary;

Lot – 2: aragatnaşyk enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary.

Açyk görnüşli halkara bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler we hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary tabşyrmaly:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy baradaky resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili we onuň el we iş telefonlary;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekili tarapyndan berilýän ynanç haty.
  • bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň raýatlary üçin: 70,00 manat (Goşulan baha üçin salgyt bilen bilelikde); Daşary ýurt raýatlary üçin: 20,00 ABŞ dollary töleg tölenmeli (gatnaşmak üçin töleg yzyna gaýtarylmaýar).

Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly ady görkezilen, kanuny ýagdaýyny tassyklaýan bäsleşige gatnaşmak üçin arza bermeli, şeýle hem oňa gatnaşmak üçin ýüz tutujynyň bellige alyş we kanuny resminamalaryny, ygtyýarnamasyny görkezmeli. Arzaberijiniň wekiliniň pasportynyň göçürmesi bolmaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.

Bellenen möhletden giç berlen teklipler kabul edilmeýär.

Pul geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza berlen mahaly berler.

Bäsleşik teklipleri möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilýär.

Bäsleşik bukjasynda maglumatynyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word görnüşinde) we tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022