08.09.2026
12.09.2026

Automechanika Frankfurt 2026

Geçiriljek senesi: 8–12 sentýabr 2026

Geçiriljek ýeri: Messe Frankfurt, Frankfurt-na-Maýne, Germaniýa

Web sahypasy: automechanika.messefrankfurt.com

Automechanika Frankfurt – awtoulag senagatyna degişli iň iri halkara derejesindäki sergidir. Bu sergi, awtoulag hyzmatlarynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täzelikleri, tejribe alyşmalary we dünýä derejesindäki işewür gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýän täsin meýdançadyr.

Serginiň esasy bölümleri:

  • Awtoşaýlary we komponentleri: hereketlendiriji ulgamy, şassi, korpus, elektrik we elektroniki enjamlary.
  • Aksesuarlar we týuning: awtoulag aksessuarlary, ýörite enjamlar, týuning we bezeg.
  • Remont we tehniki hyzmat: abatlaýyş merkezleri, bejergi we boýag hyzmatlary üçin enjamlar.
  • IT we dolandyryş: IT önümleri, diler merkezleriniň dolandyryş ulgamlary, ätiýaçlandyryş, lizing we maliýe hyzmatlary.
  • Hyzmat stansiýalary we awtoulag ýuwujylar: ýangyç guýujy stansiýalar, awtoulag ýuwujy enjamlar we hyzmat enjamlary.

Öňki (2024-nji ýyl) sergä degişli statistika:

  • 80 ýurtdan 4 200 kompaniýa gatnaşdy
  • 172 ýurtdan 108 000 gowrak myhman aýlandy
  • 320 000 m² meýdança, şol sanda 26 sany sergi zaly guraldy

Sergi programmasynyň aýratynlyklary:

  • Bölek söwda, awtomerkezleriň dolondyrlyşy we senagat önümçiligi boýunça innowasion tehnologiýalaryň, çözgütleriň we ulgamlaryň tanyşdyrylyşy
  • Açyk meýdançalarda täze önümleriň sergilenişi
  • Tematiki çäreler – treningler, prezentasiýalar, bäsleşikler geçiriler
  • Agşamlyk çäreler we işewürlik gatnaşyklaryň giňeldilmegi

Automechanika Frankfurt – diňe bir sergi däl, eýsem awtoulag pudagynyň geljegini şekillendirýän dünýä derejesindäki möhüm çäreleriň biridir.

Automechanika serginiň gurnaşjylarynyň maglumatlaryna görä, “Automechanika” brendi halkara derejesinde meşhurlygy gazanyp, 2025-nji ýylda Automechanika sergileri dünýäniň dürli künjeklerinde – Astana, Birmingem, Buenos-Aýres, Dubaý, Daşkent, Hoşimin, Stambul, Jidda, Ýohannesburg, Kuala-Lumpur, Mehiko, Moskwa, Nýu-Deli, Er-Riýad we Şanhaý ýaly şäherlerde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Frankfurt-na-Maýne, Germaniýa
Bulary hem okaň
2022