“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi binalary gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Ahalobahyzmat” önümçilik birleşigi, “Obahyzmat” önümçilik kärhanasy we Aşgabat üpjünçilik kärhanasy üçin binalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara tender yglan edýär
Lot №1 – Halkara ülňülere laýyklykda, Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Ahalobahyzmat” önümçilik birleşigi hem-de “Obahyzmat” önümçilik kärhanasy üçin binalaryň taslamasyny düzmek, olary gurmak, töweregini abadanlaşdyrmak hem-de zerur enjamlar we mebel bilen üpjün etmek
Lot №2 – Halkara ülňülere laýyklykda, Aşgabat üpjünçilik kärhanasynyň binasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, töweregini abadanlaşdyrmak hem-de zerur enjamlar we mebel bilen üpjün etmek
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalygy baradaky maglumatlary görkezilip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- bu görnüşli tenderi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
- her lot üçin töleg tölenenden soň tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;
- lotlaryň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly.
Bäsleşik teklipleri birleşigiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(+99312) 44-77-75
(+99312) 44-77-70