WOODTECH 2025
Serginiň ady: 38-nji Halkara Agaç Işlemek Enjamlary, Kesiji Gurallar we El Gurallary Sergisi (WOODTECH)
Geçiriljek senesi: 2025-nji ýylyň 11–15-nji oktýabry
Geçiriljek ýeri: TÜYAP Stambul Sergi we Kongres Merkezi
Gurnaýjy: Reed Tüyap Fuarcılık A.Ş.
Web sahypasy: https://woodtechistanbul.com
Serginiň ugurlary:
- Agaç materiallary işlemek üçin enjamlar we tehnologik serişdeler
- Agaç işlemek enjamlary we ulgamlar
- Ýüzüni işlemek üçin enjamlar we himiki serişdeler
- Gaplama enjamlary, kömekçi serişdeler, konweýerler, daşaýyş we ammar ulgamlary
- Kesiji we gysgyç gurallar, şeýle hem beýleki enjamlar
- Guradyjy peçler, gazanlary, howa çalşygy ulgamlary (wentilýasiýa)
- Senagat we pudaklaýyn maksatlar üçin programma üpjünçiligi
WOODTECH sergisi – agaç işlemek pudagynda täzeçil önümleri we tehnologiýalary görkezýän halkara söwda meýdançasy bolup durýar. Bu sergi pudakdaky iň täze çözgütleri we innowasiýalary bir ýere jemläp, häzirki zaman enjamlaryna maýa goýmak isleýän mebel öndürijilere hem-de gurluşyk pudagynyň wekillerine ygtybarly üpjün edijileri tapmaga mümkinçilik berýär.
Sergä gatnaşýanlar täze eksport bazarlaryny öwrenmäge, dünýäniň dürli ýurtlarynda brendlerini tanatmaga, distribýutorlar bilen hyzmatdaşlyk gurmaga hem-de iş gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik alýarlar.