03.12.2025
06.12.2025

Halkara robotlar sergisi – IREX 2025

2025-nji ýylyň 3–6-njy dekabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki Tokyo Big Sight sergi merkezinde 26-njy Halkara robotlar sergisi (IREX 2025) geçiriler. Bu sergi dünýäde robototehnika ugrunda geçirilýän iň iri çäreleriň biridir.

Serginiň guramaçylary: Ýaponiýanyň Robototehnika Assosiasiýasy (JARA) we Nikkan Kogyo Shimbun neşirýat öýi.

IREX 2025-iň şygary — “Robototehnika arkaly durnukly jemgyýet” — adam bilen enjamyň hyzmatdaşlygynyň esasynda sosial meseleleriň çözülmegine we senagat ösüşine robotlaryň goşandyny nygtaýar.

Serginiň esasy ugurlary:

  • Senagat robotlary we awtomatlaşdyrma ulgamlary
  • Hyzmat we lukmançylyk robotlary
  • Emeli aň, sanly tehnologiýalar (ICT) we sensorlar
  • Robototehnika üçin komponentler we programma üpjünçiligi
  • Logistika we mobil çözgütler

IREX 2025 sergisiniň çäginde robototehnika boýunça soňky gazanylan üstünliklere bagyşlanan tematik konferensiýalar, forumlar we seminarlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Giňişleýin maglumat we registrasiýa: irex.nikkan.co.jp

Tokio, Ýaponiýa
Bulary hem okaň
2022